Ваш браузер устарел. Рекомендуем обновить его до последней версии.

TÜRKMENISTANA SYÝAHAT ETMEDEN ÖŇ ŞULARY ÝADYŇYZDAN ÇYKARMAŇ:

-          Türkmenistana syýahat etmeden öň “Güneşli syýahat”  bilen çakylyk hatyny (LOI-letter of invitation) resmileşdirmegi we yanyňyz bilen nusgasyny getirmäni unutmaň;

-          Türkmenistana geleňizden soň 1-2 gün içinde registrasiýa etmeli işler üçin yanyňyz bilen 2-3 sany (3x4 size) pasport suratyňyzy getiriň;

-          EURO, STERLING ýaly daşary ýurt walýutalaryň deregine,  wiza, aeropoprt salgyt ýaly harajatlar üçin hemde öz şahsy harajatlaryňyz üçin diňe ABŞ DOLLARYNY getiriň;

-          Mobilnyý telefonlar ýada laptop ýaly elektrik bilen işleýän enjamlaryňyz üçin F tipnyý udlenitel ýada troýka getiriň, sebäbi elektrikli enjamlar Türkmenistanyň çäklerinde F tipnyý rozetkalar bilen işleýär (surata serediň) .

-          Türkmenistanyň çäklerinde öýjükli aragatnaşygyň dürli görnüşlerinden peýdalanyp bilersiňiz. Iki sany GSM kompanyýasy bar, biri Altyn Asyr kompaniýasy, ikinjisi MTS kompaniýasy bolup her ikisindede halkara rouming hyzmaty bardyr. Egerde bu kompaniýalaryň sim kartyny ullanmakçy bolsaňyz, onda ýanyňyz bilen islendik sim kart bilen uşleýan mobulnyý telefony getiriň;

-          Egerde yzygiderli hökmany ýagdaýda ullanmaly dermanyňyz bar bolsa onda haýyş edýäs ol dermanlaryň reseptini yanyňyz bilen getiriň;

-          Zenan maşgala syýahatçylar , metjit ýaly ýerlere zyýarat edilende kellerini örtmek üçin ýalyk ýada şoňa meňzeş tekstil önümini getirseler gowy bolor;

-          Erkek syýahatçylar metjit ýaly ýerlere şortik ýada ýeňi gysga maýkalaryň deregine uzyn balak ýada ýeňi uzyn köýnek ýada futbolka geýseler gowy bolor;

-          Et önümlerini iýmeýän, wegeterýan syýahatçylar, ýada käbir iýmit ýada içkilere allergiýasy bolon syýahatçylar hökmany ýagdaýda syýahatlaryndan öň bu barada bize ýada biziň işleşýän partnýor kompaniýalarynyň işgälerine habar bermelidirler;

-          Tomus aýlarynda Türkmenistanyň howasy yssy bolýar, şol sebäpdenem yanyňyz bilen kelläňize şlýapa ýada kepka, gözüňüz üçin hem güneşe garşy goraýan gözlukleriňizi getiriň, şeýle hem syýahat meýilnamaňyzyň içinde çöl, dag, baýyr ýaly ýerlere syýahat edilýän bolsa onda aýaklaryňyz üçin amatly, ýeňil we ortopediçeskiý krasowka getirseňiz amatly bolor;